MEDENIÝET

Türkmenistan bilen Gazagystan kino ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Gazagystan Respublikasynyň Milli kino goldaw döwlet merkezi Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň kinematografiýa ulgamyndaky döwlet guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnamalar baglaşdy.

Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň habar bermegine görä, gol çekişlik dabaralary Aktau şäherinde türk dünýäsi ýurtlarynyň “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi bilen baglaşylan ähtnama, Aktau bilen Aşgabadyň arasyndaky medeni gatnaşyklara we türk halklarynyň aýdym-saz mirasyny wagyz etmäge ünsi jemlemek bilen, bilelikdäki önümçiligi we döredijilik alyşmalaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary 2025-nji ýylyň 1–5-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşdy.

 

“Kitap” atly türkmen kinosy Gorkut ata» halkara kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy