JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siz parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda halkyňyzyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda Täjigistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurduň halkara giňişlikdäki at-abraýy artýar” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň şahsy goşandyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar