BIZNES

Türkmenistan ilçisi Awstriýa-Merkezi Aziýa duşuşygyna gatnaşdy

Wena şäherinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi H. Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy Awstriýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda açyk we konstruktiv dialog üçin gymmatly meýdança öwrüldi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de energetika, ekologiýa durnuklylygy we ykdysady ösüş ugurlarynda umumy meseleleri çözmäge gönükdirildi.

Ilçi H.Amanazarow Türkmenistanyň, oňyn bitaraplyk syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, Awstriýa we tutuş Ýewropa jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnuklylygy, durnukly ösüşi we integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyny ilerletmek ugrunda umumy gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi