JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin!» atly halkara sergide «Arkadag Medisina Klasteriniň» we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan etjek diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen hem tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze gurulýan lukmançylyk klasterinde hem öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Bu ýerde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentine «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada hem maglumat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýetini aýdyp, olaryň çagalaryň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri