TEHNOLOGIÝA

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar

Hindistan 2025-nji ýylda ilkinji çipini öndürer. Bu barada ýurduň maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw ýurduň günortasyndaky Haýderabad şäherinde geçirilen maslahatda çykyş edip aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Hindistan dünýäniň ýarymgeçiriji bazarynda möhüm ýurt bolmaga taýýar.

“Biz häzirki wagtda ýarymgeçiriji çipleriň önümçiligine başlaýarys. Häzirki wagtda alty sany ýarymgeçiriji zawodynyň gurluşygyna razylyk berildi. Olaryň gurluşygy dowam edýär. Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda çykarylar” – diýip, ol aýtdy.

Hindistanyň hökümeti ýurtda ýarymgeçiriji önümçilik pudagyny döretmek niýetini öň hem mälim edipdi. Şol maksada ýetmek üçin ýurduň hökümeti daşary ýurt kompaniýalaryny işjeň çekýärler.

Hindistan Elektronika we ýarymgeçiriji assosiasiýasynyň maglumatyna görä, 2030-njy ýyla çenli ýurduň ýarymgeçiriji bazarynyň möçberi 100 milliard dollardan geçer.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler