DÜNÝÄ

Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagynda başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzda oba hojalygynyň häzirki zaman infrastrukturasyny döretmek, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna uly möçberde gönükdirilýän maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda galla kabul ediş kärhanalary, döwrebap elewatorlar, ammarlar, degirmen toplumlary hereket edýär.

Ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň esaslandyrylmagy hem-de bu institutda bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylýan täze sortlarynyň döredilmegi hem-de olaryň ekin dolanyşygyna girizilmegi bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy