MEDENIÝET

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr.

Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy