PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, Hytaý wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak ulgamyny resmi taýdan işe girizýändigini habar berdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Giriş üçin web sahypasy: “https://consular.mfa.gov.cn/VISA/“.

Hytaýyň wizasy üçin ýüz tutanyňyzda, blankalary onlaýn doldurmak we ýüz tutma üçin zerur resminamalary onlaýn ýükläp bilmek ýaly amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumat üçin web sahypasyna girmegiňizi çagyrýarys.

Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Hytaý wizasy üçin onlaýn blanka doldurmak ulgamy” (https://cova.mfa.gov.cn) ulanyşdan aýrylar.

Halkara resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň hem-de daşary ýurda gidýänleriň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi möühmdir. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary