JEMGYÝET

“Intellektual Umyt” gepleşigi: Dr. Kakajan Kömürow

“Ata Watan Media” toparymyz bolup, indi ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda bolup geçýän täzelikleri dünýä jemgyýetçiligine, daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleri, dabaralary, maslahatlary ýurdumyzyň okyjylar köpçüligine ýetirmek ugrunda iş alyp barýarys. Bu ugurda işlerimiz hem habar, ýagny suratly ýazmaça görnü’inde, şeýle hem wideo ýazgyly gepleşikler görnüşinde dowam etdirilýär.

Media toparymyzyň taýýarlaýan wideo gepleşikleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň resmi “Youtube” kanalynda, şeýle hem resmi jemgyýetçilik torlarynda ýaýradylýar.

“Ata Watan ýyldyzlary”,  “Ata Watan Ýaşlar”, ” Intellektual Bonus”, “Intellektual Perspektiw”, “Online Biznes Sapak”, “Syýahatcylyk”, “Ussatlar Ata Watanda” ýaly gyzykly gepleşikler taýýarlanyp, okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Şunuň bilen baglylykda, media toparymyz täze gepleşigi ýola goýdy. Oňa “Intellektual Umyt” – diýip at berdik.

Ine, täze gepleşigimiziň esasy maksady – türkmen ýaşlaryna itergi bermek, olara ýol görkezmek!

Munuň üçin bolsa biz ýaşlarymyzyň öňünde görelde bolup biljek türkmen oglan-gyzlarymyz bilen gyzykly we manyly söhbetdeşlikleri gurnamagy maksat edinýäris.

Üstünlik gazanmagyň iň zerur şertleriniň biri hem “Umyt”. Şonuň üçin hem “Makul Sözlük” tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi hökmünde “Umyt” sözi saýlanyp alyndy.

“Umyt” üçin sebäp gerek! Sebäbi bilmek üçin bolsa maglumat gerek! Ine, şu gepleşiklerimiz arkaly siz şol sebäbi – şol maglumaty – taparsyňyz!

Gepleşigimiziň ilkinji sanynyň myhmany: dünýä derejesindäki üstünlikleri bilen tanalýan, adaty bir türkmen maşgalasynda ulalan, belli “Emeli Intellekt” startapynyň esaslandyryjysy – Dr. Kakajan Kömürow!

Gepleşige tomaşa eden wagtyňyz, siz hem öz gelejegiňize has uly umyt bilen gararsyňyz. Dr. Kömürowyň üstünlikli ýoly – her bir türkmen ýaşynyň hem şeýle sepgitlere ýetip biljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gepleşigi hökman oglunyza ýa-da gyzyňyza görkeziň!

Tomaşa etmek üçin linki https://youtu.be/avwkhy3JYbE

Şeýle hem gepleşigi şu aşakdaky salgydan hem tomaşa etmek mümkinçiligi bardyr.

Nesip bolsa, şeýle ruhlandyryjy gepleşikler bilen dowam ederis!

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri