JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella we Premýer-ministr Jorja Melonä tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady