DÜNÝÄ

Italiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda resmi saparda boldy

Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloni Özbegistanda resmi saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Özbegistanyň taryhy Samarkant şäheriniň Kongresler merkezinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Rimde geçirilen sammitde gazanylan şertnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi kanagatlanma bilen bellendi.

Söwda dolanyşygy, soňky ýyllarda üç esse diýen ýaly ösdi. Bilelikdäki kärhanalaryň we taslamalaryň sany iki esse artdy. Metallurgiýa, elektrik inženerçiligi, oba hojalygy, maldarçylyk, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geçen ýylyň dekabrynda Rimde we Wiarejoda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Turin we Pisan uniwersitetleriniň şahamçalary Özbegistanda üstünlikli işleýär. Ikinji rektorlar forumy aprel aýynda netijeli geçirildi.

Samarkandyň köçeleriniň birine Rim şäheriniň ady dakyldy. Şeýle hem bu duşuşygyň çäklerinde birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Ertir, 30-njy maýda Gazagystanyň Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Italiýa” formatynda ilkinji sammit geçiriler.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy