DÜNÝÄ

Bir hoşa üzüm 10,7 müň dollar

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýa dürli bakja önümleriniň we miweleriň ilkinji hasylynyň gymmat bahadan satylýan ýurdudyr. “NHK” teleýaýlymyň beren maglumatyna görä, ýurduň  merkezi bölegindäki Isikawa prefekturasynda geçirilen auksionda üzümiň seýrek duş gelýän görnüşi bolan “rim rubini” görnüşiniň bir hoşasy 1,5 million ýene (takmynan 10.7 müň dollar) satyldy.

Bu üzümiň bir hoşasyny ýerli myhmanhana zynjyry bolan kompaniýanyň wekili satyn aldy. Bu üzümiň 27 sany miwesi bolup, ol hem myhmanhananyň hemişe gelýän myhmanlaryna hödür ediler.

Üzümiň “Rim rubin” görnüşi 2008-nji ýylda ýapon seleksinerler tarapyndan işlenip taýýarlandy. Onuň bir hoşasyndaky miwesiniň ululygy stoluň üstünde oýnalýan tennis topy ululygynda bolýar.

Üzümiň bu elit sortunyň düzüminde şekeriň möçberi azyndan 18 göterime deňdir. Şonuň üçin Ýaponiýada üzümiň bu sorty süýjülik hasaplanýar.

Ýaponiýa miweleriň we ir-iýmişleriň käbir sortunyň gymmatlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň bahasy onlarça müň dollara barabar bolýar. Bilşiňiz ýaly, Ýaponiýada gawunyň “Ýubari” sorty hem örän gymmat bahadna satyldy.

 

Ispan janköýer dünýä çempionatyna ýöräp barýar

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy