BIZNES

Günorta Koreýanyň kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar

Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co.” kompaniýasy Türkmenistanda umumy bahasy 700 million dollara deň bolan dökün önümçilik desgasynyň gurluşygy boýunça çarçuwaly şertnama baglaşdy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Senagat ministrligi habar berdi.

“Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu şertnama Seul şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşyldy. Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministrligi bu taslama üçin koreý kompaniýanyň mynasyp dalaşgär hökmünde seçilip alnandygyny bellenildi.

Taslama boýunça fosforyň gaýatdan işlenilip, degişli dökün önümçiliginiň öndürilmegi meýilleşdirlýär. Bu taslama 2029-njy ýylda Türkmenistanyň gündogar sebitinde ulanmaga berler.

Gol çekişlik dabarasyndan soňra Günorta Koreýanyň senagat ministri An Duk Gyn bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynp maslahatlaşyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler

Türkmenistan bilen Pakistanyň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Aşgabatda “Türkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler

Döwrebap elektrik bekedi işe girizildi

Ata Watan Eserleri

«Daewoo Engineering» kompaniýasy Türkmenabat şäherinde dökün öndürýän toplumy gurar