Gazagystan “Chat GPT” ýaly özüniň emeli aňyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu akylly ulgam “KazLLM” diýlip atlandyrylýar. Bu ulgam ýurtda superkompýuter infrastrukturasy doly döredilendne soňra işe giriziler.
– 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Gazagystan Respublikasy bilen BAE-niň “Presight AI LTD.” kompaniýasynyň arasynda superkompýuteri döretmek hem-de maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça degişli merkezi gurnamak babatda şertnama baglaşylypdy. Bu taslama 2 tapgyrda durmuşa geçirilip, birinji tapgyrda degişli ulgamlaýyn kuwwatlyk dörediler. Ikinji tapgyrda täze maglumat merkezi döredilip, maglumat ulgamy güýçlendiriler – diýip, ýurduň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senaagty ministrliginiň bilermenleri habar berdi.
Täze döredilýän superkompýuter infrastrukturasy milli emeli intellekt platformasy bilen birleşdiriler we döwlet sanly önümlerini ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin esasy meýdança öwrüler.
“KazLLM” dil modelini we onuň esasynda emeli aň ulgamyny döretmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ministrlik hasaplaýyş güýjüni kärhanalara we ylmy jemgyýetçilige elýeterli etmegi göz öňünde tutýar. Superkompýuter we ýokary derejeli maglumat merkezleri, bulut hasaplamasynyň ösüşi üçin berk infrastruktura binýadyny üpjün edýär.