DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjynyň ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işi başlamaga çagyryş bolup durýandygy bellenildi.

Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli Italiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy