DÜNÝÄ

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we netijeli häsiýetini bellediler. Bu söwdany, önümçiligi ösdürmek hem-de ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda ileri tutýan ugurlary, hususan-da eksport ugurlulyk, ýurdumyzyň bank pudagy bilen hyzmatdaşlyk we häzirki zaman bank tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň geljek döwür üçin täze strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary