BILIM

Azerbaýjanyň we Gazagystanyň uniwersitetleri 40 ylalaşyga gol çekdiler

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Gazagystanyň 20-den gowrak uniwersitetiniň gatnaşmagynda bilim sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde iki ýurduň ýokary bilim edaralarynyň arasynda 40-a golaý bilelikdäki ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi.

Iki günlük çäre azerbaýjanly talyplara Gazagystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrmaga hem-de olaryň hödürleýän dürli akademik maksatnamalayr hakynda maglumat almaga şert döretdi.

Bilim sergisine Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek, Azerbaýjanyň ylym we bilim ministri Emin Amrullaýew gatnaşdy.

Gazagystanyň ministri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy bilim we ylmy taslamalara ünsi jemläp, hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Onuň bellemegine görä, Gazagystan azerbaýjanly talyplar üçin her ýyl 12 sany doly talyp haky bölünip berilýär. Häzirki wagtda Gazagystanda 222 azerbaýjanly we Azerbaýjanda 80 töweregi gazagystanly talyp bilim alýar.

Şeýle hem gazka ministri Gazagystanda britan, fransuz we amerikan uniwersitetleri bilen bir hatarda 37 sany daşary ýurtly uniwersitetiň şahamçalary hereket edýändigini belledi. Munuň bilim bermekde innowasion çözgütleri durmuşa ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Related posts

Täze okuw ýylyna taýýarlyk: 1,4 million okuwçy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov