DÜNÝÄ

Gazagystanda BMG-niň sebitleýin edarasy döredildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Gazagystanyň Almaty şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky kararnama kabul edildi. 152 döwlet bu kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde şeýle merkezi döretmek başlangyjy bilen çykyş edipdi.

Merkez halkara we sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak, tehniki kömek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin esasy meýdança öwrüler. Takyk we ölçenip boljak netijelere ýetmek üçin hökümetler, halkara guramalary, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilen ýakyndan iş alnyp barlar.

Related posts

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

“DOMOTEX 2019” halkara sergisinde Türkmenistanyň haly önümleri

vepa

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk