DÜNÝÄ

Dünýäniň iň kiçi seýilgähi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň eteginde dünýäniň iň kiçi seýilgähi ýerleşýär. Onuň meýdany 0.24 inedördül metr bolup, “A3” ululygyndaky 2 sany kagyza deňdir. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Muny Ginnesiň rekordlar kitaby tassyklady. Seýilgäh 1988-nji ýylda döredildi. Onuň döretmek pikiri ýerli ýaşaýja degişli bolup, ol muny ABŞ-a amala aşyran gezelenjinde Oregon ştatyndaky “Mill Ends Park” seýilgäni görüp, öz şäherçesinde hem şeýle seýilgäh döredipdir.

Seýilgäh ýoluň geçýän ýerinde ýerleşip, onda bir adamlyk kiçi stoljyk bolup, az-kem ot bar.

Bu ýer syýahatçylar üçin meşhur ýerleriň birine öwrülip, ol ýerde surata düşýärler. 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda şäher seýilgähi hökmünde resmi derejesini aldy.

Related posts

Milli Liderimiz täze eserini döretmäge girişdi

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri