DÜNÝÄ

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Buharest şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan welosiped ýörişi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäre Buharest şäher häkimliginiň hem-de “Ýaşyl rewolýusiýa” birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy. Welosiped ýörişine Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, türkmen raýatlary we talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny ilerletmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde sport diplomatiýasynyň möhüm ornuny belledi. Şeýle hem agzalanlaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigi nygtady.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda kabul edilen Kararnama laýyklykda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Welosiped ýörişine gatnaşyjylar halkara dialogy berkitmäge, medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ekologiýa, ynsanperwerlik we sport başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi

“BP” kompaniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

Ata Watan Eserleri