BIZNES

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda möhüm ädimleri ädip, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy  Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy  M. Gurdow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy täze wezipesi bilen gutlady. Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

         Duşuşykda Özbegistanyň ilçisi Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň giňdigini belläp, bilelikdäki kärhanalaryny döretmek boýunça teklip hödürledi. Şeýle-de Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynyň Özbegistanyň goňşy sebitleri bilen söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi barada pikir alyşmalar geçirildi. Bu bolsa iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

         Şeýle-de 2025-nji ýylyň dowamynda Özbegistanda Üçünji Türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi. Bu forum, işewürler üçin özara hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň bazarlarynda bilelikdäki iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikleri döreder.

         Mundan başga-da ýylyň dowamynda Özbegistanda geçiriljek forumlara we halkara sergilere türkmen wekiliýeti we işewürleri gatnaşmaga çagyryldy. Bu çäreler, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde we iki ýurduň telekeçileri üçin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm orun eýelär.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär