JEMGYÝET

Aşgabatdaky halkara pediatriýa merkezinde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gurluşygy batly depginde dowam edýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň düýbi milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň martynda tutulypdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň binalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşyny, merkeziň içki we daşky bezeg işlerini, ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşlerini şekillendirýän taslamalar bilen tanyşdy.

Paýtagtymyzda täze gurulýan Halkara pediatriýa merkeziniň binalary, onda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa hasabat berdi.

Şunda birnäçe enjamlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny nygtamak gerek. Şeýle-de bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilýär.

Lukman Arkadagymyz taslamalar, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, öz maslahatlaryny berdi.

Halkara pediatriýa merkezinde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini döwrebap anyklamagyň we bejermegiň beýleki möhüm ugurlary boýunça işlejek lukmanlaryň hünär derejesine zerur üns berilýär. Endoskopiýa, funksional we şöhle bilen anyklaýyş, mikrobiologiýa we bakteriologiýa, psihiatriýa, audiologiýa, endokrinologiýa, gematologiýa, patogistologiýa barlaghanalary, operasiýa bölümleri ýokary derejede enjamlaşdyrylar. Merkeziň barlaghana bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar çagalarda duş gelýän islendik keseli gysga wagtyň içinde anyklamaga hem-de gerekli netijäni bermäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Bu ýerde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň intensiw bejeriş bölüminiň müdiriniň, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda işleýän «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň sebit müdiriniň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri