Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasypdyr.
Bu desgalaryň gurulmagy “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy: olaryň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga ýardam etdi. Bu bäsleşigiň GFR-iň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemek gerek.
Ulanmaga berlen wagtyndan bäri Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsaglara ýokary hilli hyzmat edilýär. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýöriteleşdirilen ýeke-täk lukmançylyk edarasydyr.
Şeýle ähmiýetli desgalaryň ýene biri paýtagtymyzdaky 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezidir. Şu günler merkezde holedohoskop enjamy arkaly holedohoskopiýa barlagy geçirilip, dogry we doly kesel kesgitlemesi goýulýar hem-de netijeli bejergi ýerine ýetirilýär.