MEDENIÝET

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar.

Ýene-de okaň

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«EKSPO-2025»: türkmeniň haly sungaty we milli lybaslary tanyşdyryldy

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi