BILIM

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen “Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet” atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Maslahatda türkmen tarapynyň wekili Türkmenistanda koreý dili boýunça bilim berlişiniň we onuň öwrenilişiniň häzirki ýagdaýy dogrusynda çykyş etdi. Çykyşyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniň okadylyşy barada gysgaça wideoroligiň görkezilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýar.

Hususan-da, halkara bilim maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleri üçin Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäheriniň häkimligine gurnalan gezelenç we ol ýerde şäher häkiminiň myhmanlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etmegi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halkara bilim maslahatynyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekili Kangwon milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky magistr bilim maksatnamasynyň ýola goýulmagy barada pikir alyşyldy hem-de bu ugurda birnäçe anyk teklipler edildi.

Netijeli geçen bu duşuşyk iki tarapyň hem ylym-bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar