DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

30-31-nji ýanwarda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy boýunça milli utgaşdyryjylaryň geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ilkinji duşuşygy geçirildi.

Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada pikir alşyldy. Bu ýokary derejedäki duşuşygy 2025-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem 2027-nji ýyla çenli sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Ýol kartasynda göz öňünde tutulan üstümizdäki ýylda meýilleşdirilen sebitleýin çäreler barada pikir alşyldy.

Related posts

Covid-19: Ýewropa Bileleşiginden kömek

Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygyň esasy 3 ugry

Ata Watan Eserleri

Türkmen-ermeni hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi