ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde wezipesine resmi taýdan girişen Donald Tramp mundan bir gün soňra, ýagny 21-nji ýanwarda eden çykyşynda “H-1B” wiza makasatnamasy baradaky garaýşy barada soralanda, “Men bu meselede iki tarapyň hem pikirini haladym, ýöne men ýurdumyza ukyply adamlaryň gelmegini hem gowy görýärin, hatda bu olaryň başga adamlary türgenleşdirmesini ýa-da özlerine laýyk gelmeýän adamlara kömek etmegini talap etse-de. Ýöne men bu prosesi duruzmak isleýän däldirin we diňe inženerler hakda däl-de, ähli derejelerde işleýän adamlar hakda aýdýaryn. Biz ýurdumyza ukyply adamlaryň gelmegini isleýäris.
“H-1B” maksatnamasyny men örän gowy bilýärin. Men bu maksatnamany ulanýaryn. Larry ýaly adamlara inženerler gerek, beýlekilere hem gerek. Şonuň üçin biz ýurduň içine hakyky ýokary hilli adamlary kabul etmeli. Munuň netijesinde biz işewürligi giňeldýäris, bu hem ähli meseleleri çözüp biler. Men bu meselede iki tarapdan hem pikir edýärin, ýöne hakykatdan hem, meniň pikirimçe, biz ukyply, ajaýyp adamlary ýurdumyza kabul etmelidiris. Biz muny “H-1B” maksatnamasy arkaly amala aşyrýarys” diýip, Tramp belledi.
Eýsem H-1B wizasy name?
“H-1B wizasy, ABŞ-da işlemek isleýän daşary ýurtly ýokary derejeli hünärmenler üçin möhüm mümkinçilik bolup, şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň global talantlara elýeterliligini üpjün edýär. “H-1B” wizasy köplenç ilki 3 ýyl möhlet bilen berilýär we 6 ýyla çenli uzaldylyp bilner. “H-1B” wiza maksatnamasynyň her ýyl belli bir çäklendirilen kwotasy bar. Mysal üçin, adaty “H-1B” wizalary üçin ýylda 65000 çäklendirilen orun, magistr derejesine eýe bolanlar üçin goşmaça 20000 orun bardyr.