BILIM

Türkmen ýaşlary XXI halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 13-17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynda geçirilýän matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVI halkara Žautykow olimpiadasyna  ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar hem gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

“IZho 2025” halkara olimpiadasyna 15 döwletden 700-e golaý mekdep okuwçylary we 150 ýolbaşçy gatnaşýar.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Russiýa, Belarus, Ermenistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Serbiýa we Mongoliýa ýaly döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem bu olimpiadada mynasyp wekilçilik edýär.

Olimpiada Gazagystan Respublikasynyň Ylym ministrliginiň ýanyndaky “Daryn” Respublikan ylmy- tejribe merkeziniň we Astana şäher häkimliginiň howandarlygynda Respublikan fizika-matematika mekdebinde geçirilýär.

Žautykow olimpiadasynyň jemleri boýunça gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary, ýeňiji bolanlara dürli derejedäki şahadatnamalar, altyn, kümüş we bürünç medallar gowşurylar.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Türkiýede uçarmanlyk okuwy üçin kabul edişlik yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 800-den gowrak medal gazandylar

Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy