SPORT

Türkmenistanyň çempiony gazak topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň çempiony “Arkadag” topary ýanwar aýynda Gazagystanyň “Kaýsar” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada gazak toparynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň çempiony hem-de Gazagystanyň futbol toparynyň ýoldaşlyk duşuşygy Türkiýede geçiriler. Toparlar Türkiýe Respublikasynda türgenleşik ýygnanyşygynda bolarlar.

“Arkadag” topary bilen Gazagystanyň “Kaýsar” toparynyň ýoldaşlyk duşuşygy 18-nji ýanwarda guralar.

Related posts

“El Klasiko”: “Real Madrid” öňe geçdi

Güýçli futbolçylar täze topar gözleýär

“Arsenal” Upamekanony transfer edip biler