JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler özal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklara görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Özara saparlaryň iňjeňleşdirilýändigine uly kanagatlanma bildirildi. Geçen aýda Türkmenistanda sebitara forumy, senagat sergisi hem-de Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirildi. Şeýle hem Aşgabatda görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy baradaky bilelikdäki çeper filmiň görkezilmegi hem-de özbek dilindäki eserleriniň ýygyndysynyň tanayşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygyň möçberi 1 milliard dollardan geçdi. Ýük gatnamalarynyň, şol sanda Türkmenbaşy porty arkaly gatnamalar artýar. “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygy alnyp barylýar. Senagat, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär.

Energetika we suwdan peýdalanmak ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alyşmalar boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy öňde boljak baýramçylyk – Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi