SPORT

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Uly tennisde dünýäde iki ägirt tennisçi – ispaniýaly Rafael Nadal hem-de şweýsariýaly Rojer Federer köpleriň tanaýan türgenleridir. Rojer Federerden soňra meşhur ispan tennisçi, 22 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy.

Ol 19-njy noýabrda Dewis Kubogynyň çäginde soňky duşuşygyny geçirdi. Gynansak-da, oňa bu duşuşykda niderlandly tennisçini ýeňmek başartmady.

Ýöne Rafa tennis dünýäsiniň ägirdi hasaplanýar. Ol tennis dünýäsiniň iň uly ýaryşy hasaplanýan “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 22 gezek çempion boldy. Professional tennis assosiasiýasynyň (ATP) çäginde 92 derejäniň eýesidir.

Hususan-da, Rafael Nadal toprak bilen örtülen tennis meýdançasynda uly üstünlikler gazandy. Bu babatda 63 kubok gazanan Nadal “toprak koroly” adynyň eýesidir.

Ispan tennisçe karýerasynda 2 gezek “Uimbldon” we “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşlarynda, 4 gezek “ABŞ Açyk” hem-de 14 gezek “Rolan Garros” ýaryşlarynda ýeňiji boldy.

Ýene-de okaň

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy