Emma Hamal ýyldyzlarynyň hemme wekilleri bu gün töwerekdäki adamlaryň garaşyşy ýaly hereket etmezler bu bolsa iş ýerinde düşünişmezliklere getirip biler. Ýolbaşçylar bilen gapma-garşylyga girmekden gaça duruň sabyrlylyk we parasatlylyk ýakyn gelejekde wezipede ýokarlanmagyňyzyň esasy açary bolar.Maddy taýdan garaşylmadyk we şowly ýeňişler, täze pul akymlary ähtimaldyr. Günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda hem durnuklylyk we mähirlilik höküm sürer.Şeýle hem ýakynlaryňyzyň göwnüne degip biljek ýiti sözleri aýtmakdan saklanyň.
Bu gün siz gapma-garşylyklardan näçe gaça durmaga çalyşsaňyz hem jedelli pursatlar öz-özünden adatdakysyndan has ýygy ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý hem işewürlikde hem-de maşgala gurşawynda duýular. Hatda iň asuda ýönekeýje bellikleriňiz hem töwerekdäki adamlarda garşylyk döredip öňe sürýän teklipleriňiz şübheli garşylanyp biler. Şeýle pursatlarda asudalgy saklamagy çalyşyň. Unutmaň hemmeler siziň haklydygyňyzy şol pursatda ykrar etmäge taýyn däl bolup bilerler. Birneme wagt geçensoň hakykat öz ýerine düşer häzirlikçe bolsa diňe sabyrlylyk bilen garaşmagy başarmaly.Işewür gepleşikler garaşyşyňyzdan has dartgynly geçip biler. Emma Sowur ýyldyzlarynyň käbir wekilleri özlerine täsirli we güýçli hossarlaryň kömegini gazanyp bilerler. Maddi taýdan bolsa az-kem pul akymlaryna garaşylýar. Gelen girdeji ilki başda garaşanyňyzdan az bolup, göwnüňizi birneme çökürip biler. Emma tiz wagtdan soň elinizdäki bar bolan serişdeleri iň bähbitli we dogry usulda nädip ulanmalydygynyň ajaýyp ýoluny taparsyňyz.
Bu gün aňsat gazanyljak uly ýeňişlere garaşmak ýerine hatda ujypsyzja netijeler üçin hem düýpli zähmet çekmeli bolarsyňyz. Bu ýagdaý ilki başda ruhy galkynyş bermedik ýaly görünse-de ruhdan düşmäge esas ýok. Häzirkiçe günüň dowamynda käbir meseleleriň ýüze çykymlygy ähtimal emma siz olary çözgüdini tapmagy başararsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda Jöwzalaryň käbir wekillerine töwekgelçiliklerden gaça durmak maslahat berilýär.Maliýe meselesinde aýratyn-da karz serişdelerine ýa-da kredite daýanyp uly göwrümli söwdalary amala aşyrmak maslahat berilmeýär.
Bu günki şertler işjeňligi we düýpli zähmeti talap edýär. Ilkinji nobatda amala aşyrylmaly ädim anyk hereket meýilnamasyny düzmek we ähli ikirjiňlenmeleri bir tarapa galdyrmakdyr. Eger siz ugry dogry kesgitlemän bir wagtda birnäçe meseläni çözmäge synanyşsaňyz güýç-gudratyňyzy netijesiz sowurmaly bolarsyňyz. Mundan başga-da ünsüňiziň sowulmagy sebäpli döräp biljek bähbitli we gyzykly mümkinçilikleri gözden çykarmak töwekgelçiligi bar. Diňe anyk maglumatlar size üstünlik getirer.Şeýle hem şahsy durmuşyňyz pozitiw özgerişler we emosional durnuklylyk peýda bolar. Maşgala gatnaşyklarynda bolsa mähirlilik we söýgi has-da artar. Ýakyn ynsanyňyza üns bermek gatnaşyklary täze derejä çykarar.
Täze tanyşlaryň tarapyndan garaşylmadyk goldawyň hödürlenmegi ahmaldyr. Emma bu ýagdaýda seresaplylyk esasy şertdir sebäbi berilýän kömegiň hemişe bähbitsiz bolmazlygy mümkin.Hyzmatdaşlygyň ähli şertlerini we taraplaryň jogapkärçiliklerini öňünden anyk kesgitlemek maslahat berilýär. Bu çemeleşme gelejekde sizden has agyr şertli we jogapkärli yza gaýtaryş hyzmatlarynyň talap edilmeginiň öňüni alar.Maliýe taýdan bu gün örän amatly we netijeli şertleri wada berýär. Öňki berlen karzlaryň yzyna gaýtarylmagy ýa-da ozal ýerine ýetirilen işleriň haklarynyň tölenmegi gaty ähtimaldyr. Mundan başga-da, bu döwür mirasa eýe bolmak, emläk paýlanyşygy hem-de döwlet tarapyndan berilýän dürli durmuş töleglerini resmileşdirmek ýaly hukuk resminamalary bilen işleşmek üçin amatly wagt hasaplanýar.Günüň ikinji ýarymynda romantik pursatlar we emosional taýdan dynç almak üçin oňaýly şertleri döreder. Ýanýoldaşyňyz bilen ýeke galmak we ikitaraplaýyn möhüm bolan meseleleri maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik dörär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu günki şertler Sünbüle ýyldyzlaryndan adaty bolşy ýaly ýokary takyklygy, ümsümligi we analitik pikirlenmegi talap edýär. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gyssagly kararlardan gaça durup ilki bilen maglumatlary jikme-jik seljermek maslahat berilýär. Günüň dowamynda käbir garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykyp bilse-de, siziň garaýşyňyz we ownuk detalara çenli üns berip bilmek ukybyňyz islendik meseläniň çözgüdini tapmaga ýol açar.Maliýe meselelerinde bolsa seresaplylyk talap edilýär. Bu döwür gysga wagtlyk we duýguly söwdalary amala aşyrmak üçin amatly däl bolup, şahsy býujeti berkitmäge we geljekki çykdajylary gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem maliýe resminamalary şertnamalar we uzak möhletli ylalaşyklar bilen işleşilende örän ünsli bolmak zerurdyr. Ozal ýerine ýetirilen işleriň maliýe netijesini görmek ýa-da gijikdirilen käbir pul akymlarynyň gelip gowuşmagy gaty ähtimaldyr.Şahsy durmuşyňyzda we maşgala gurşawynda durnukly hem-de asuda atmosfera emele geler. Ýakyn adamlarňyz bilen bolan gatnaşyklarda tankydy garaýyşlardan we aşa talapgärlikden saklanmak esasy şertidir. Günüň ikinji ýarymy ýanýoldaşyňyz bilen gelejekki meýilnamalary we durmuşyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Günüň dowamynda nähili meseleler ýüze çyksa-da olaryň çözgüdinde ýeke galmajagyňyza ynamyňyz doly bolmalydyr. Häzirki wagt päsgelçilikleriň hötdesinden gelmekde ygtybarly hossarlaryň hyzmatdaşlaryň ýanyňyzda bolmagy size üstünlikleri getirer.Bu ýyldyzlaryň käbir wekillerine kömek sorap ýüz tutmak hem gerek bolmaz sebäbi hünärmenleriň we goldawçylaryň özleri garaşylmadyk ýerden kömek başlangyçlary bilen çykyş ederler.Häzirki şertler işewür gepleşikleri geçirmek potensial iş berijiler we strategik hyzmatdaşlar bilen duşuşmak üçin örän amatly döwürdir. Şeýle hem bu wagt özüňizi görkezmek we abraýyňyzy berkitmek üçin bu pursatdan netijeli peýdalanmak maslahat berilýär.
Bu günki şertlerde islendik başlangyçda we ädimde seresaplylygy saklamak esasy talaplaryň biridir. Siz öz taslamalaryňyzyň we batyrgaý meýilnamalaryňyzyň şowly boljakdygyna näçe ynamly bolsaňyz hem, wakalaryň garaşylmadyk ugurlarda ösmek ähtimallygyny göz öňünde tutup, ätiýaçlyk meýilnamasyny düzüň. Karar kabul etmezden öň gowy pikirlenmek maslahat berilýär.Iş durmuşynda we professional ugurlarda ýokary ünslülügi görkezmek maslahat berilýär. Täze wezipeler ýa-da hünärmenler arasynda dörejek ilkinji wakalar sizi ýalňyşdyryp biler. Şonuň üçin maglumatlary doly seljermän anyk kepillikleri bermekden we agyr borçnamalary öz boýnuňyza almakdan saklanyň.Günüň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklarda emosional durnuklylygy we sabyrlylygy saklamak zerurdyr.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Günüň dowamynda aşa uly şowlulyklara ýa-da aňsat ýeňişlere garaşylmasa-da wakalaryň ösüşi doly meýilnama boýunça durnukly bolar. Käbir ujypsyzja kynçylyklaryň ýüze çykmagy ahmaldyr emma olar sizi aljyratmaz we takyk çemeleşmäňiz durnuklylyk netijesini görkezer.Iş ýeriňizde käbir durnuksyz ýagdaýlaryň ýüze çykmak ähtimallygy bar. Şeýle pursatlarda şahsy sowukganlylygy saklamak başgalaryň gapma-garşylyklaryna gatyşmazlyk we özüňize göni degişli bolmadyk wakalara emosional reaksiýa görkezmezlik diýseň wajypdyr. Töwerekde näbellilik we bulama-bujarlyk höküm sürse-de siziň asudalgyňyz we işe bolan takyklygyňyz tertip-düzgüni ýola goýmaga kömek eder. Siziň bu professional häsiýetiňiz gelejekde ygtybarly hyzmatdaş bolar ýaly täsirli adamlaryň ünsüni çeker we tiz wagta olardan bähbitli teklipleriň gelip gowuşmagyna ýol açar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Günüň gidişi we umumy netijeliligi köp babatda siziň şahsy garaýşyňyza hem-de emosional ýagdaýyňyza bagly bolar. Bolup geçýän wakalaryň diňe oňyn we peýdaly taraplaryny görmäge çalyşyň. Bu usul size netijesiz aladalardan daşda durmaga kömek eder. Şeýle-de gurşawyňyzdaky adamlar hem bu gün möhüm rol oýynarlar. Sizi goldamaga we ruhlandyrmaga çalyşýan ynsanlar bilen aragatnaşykda bolmak päsgelçilikleri ýenip geçmegi has-da ýeňilleşdirer. Günüň ikinji ýarymynda çagalyk we ýaşlyk dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmak pikir alyşmak üçin örän amatly gündür. Emma bu gün ilkinji gezek duşuşýan we nätanyş adamlaryňyz bilen gatnaşyklarda ýokary seresaplylygy saklamak maslahat berilýär. Sizi nägilelige ýa-da nädogry maglumatlar arkaly ýalňyşlyga gönükdirmek töwekgelçilikleriniň bardygyny unutmaň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün içki sesiňiz intuisiýaňyz örän güýçli bolar. Daş-töwregiňizdäki adamlaryň niýetlerini we duýgularyny aňsatlyk bilen duýup bilersiňiz. Şonuň üçin möhüm meselelerde ýiçki sesiňize gulak asyň.Iş , okuw ýa-da taslamalar ýazuw-pozuw işlerinde täze, üýtgeşik pikirler dörär. Eger žurnalistika terjimeçilik ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan bolsaňyz uly ylham alarsyňyz. Ýöne resminamalar we ownuk detallar bilen işleşeniňizde has ünsli boluň.Şeýle hem ýakynlaryňyz we maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşykda ýylylyk we düşünişmek agdyklyk eder. Sizi diňlejek we goldajak adamlar bilen wagt geçirmek maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly söhbetdeşlikler garaşýar.
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
