DÜNÝÄ

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň  gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ikinji bölüminiň işi Germaniýanyň işewür wekilleriniň we assosiasiýalarynyň hem gatnaşmagynda geçirilip, onuň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy, maliýe-bank, energetika, nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawy goramak, suw we oba hojalygy, lukmançylyk senagaty, ulag, logistika we infrastruktura, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Şeýle hem, Mejlsiň barşynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilşi we bu babatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen bilelikde ýerine ýetirlen işler we öňde durýan meseleler bellenildi.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy