2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Bişkekde Gyrgyzystanyň Söwda-senagat palatasynyň döredilmeginiň 65 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýän Gyrgyzystan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň döredilmeginiň 65 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre Ministrler Kabinetiniň başlygy ─ Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy Akylbek Japarowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we ýewropa döwletleriniň Söwda-senagat palatalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäreleriniň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry aralygynda Bişkekde geçirilýän «Gyrgyzystan ─ EKSPO 2024» atly halkara uniwersal sergi-ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar.