BILIM

Türkmenistan Türkiýäniň abraýly uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistandan duşuşyga Bilim ministri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça ministriň orunbasary, şeýle-de ministrligiň halkara bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Türk wekilýetine Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory we Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň prezidenti Musa Kazym Aryjan ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzüminde, şeýle hem, Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary we Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Ykdysadyýet we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň direktory Muhammet Enes Kala, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň prorektory Serdar Çalymly bardy.

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbanberdiýew duşuşygy açyp, çykyş etdi. Ol bilim babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belledi we Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy strategiýasynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Professor Musa Kazym Aryjan Ankara sosial ylymlar uniwersitetiniň işjeňligi barada giňişleýin maglumat berdi. Ol ASBU-nyň Türkiýäniň diňe jemgiýetçilik ylymlary boýunça ýöriteleşýän ilkinji döwlet uniwersitetidigini belläp, syýasy ylymlar, hukuk we ylahyýet ugurlarynda halkara hyzmatdaşlyklaryň we amaly barlaglaryň ösdürilýändigini nygtady.

Aryjan ASBU-nyň sanly tehnologiýalara aýratyn üns berýändigini we häzirki global meseleleri çözmäge gönükdirilen bilim maksatnamalaryny hödürleýändigini aýtdy. Çykyşyň dowamynda, talyplar we mugallymlar alyş-çalyşy, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary we iki diplomly maksatnamalary döretmek arkaly türkmen uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegi üçin birnäçe möhüm ugurlary hödürledi:

  • Jemgyýetçilik ylymlary, halkara gatnaşyklary we filosofiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki ylmy-barlaglary we konferensiýalary guramak.
  •  Erasmus we Möwlana başlangyçlarynyň çäklerinde akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işläp düzmek
  • Halkara ülňülere laýyk gelýän dersara magistr we doktorlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak.
  • Derwaýys jemgyýetçilik we ynsanperwer meseleleri çözmek üçin halkara grant bäsleşiklerine gatnaşmak.
  • Medeni diplomatiýa ýaly mowzuklar boýunça tomusky we gyşky okuwlary guramak.
  • Sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy arkaly onlaýn okuw maksatnamalaryny işläp düzmek.

Professor Aryjan hödürlenen hyzmatdaşlyk ugurlary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň häzirki bilim tendensiýalary bilen utgaşýandygyny belledi.

Ol ASBU-nyň Türkmenistanda, hususan-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasy we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin doly taýýar bolandygyny tassyklady. Taslamalaryň üstünlikli utgaşdyrylmagy üçin uniwersitetara webinarlary we seminarlary guramak teklip edildi.

Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň Bilim ministri, degişli türkmen ýokary okuw mekdeplerinde türk professorlarynyň leksiýalaryny guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi şeýle-de, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň jemgyýetçilik proseslerine täsirini öwrenýän sosiologik parklaryň döredilmegi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýulmagy teklip edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi