DÜNÝÄ

Jo Baýden Germaniýada we Angolada saparda bolar

Prezidentlik möhletini tamamlap barýan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 10-15-nji oktýabr aralygynda Germaniýada we Angolada saparda bolar. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Baýden Germaniýa saparynda ýurduň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirip, ABŞ bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleri maslahatlaşar.

13-15-nji oktýabrda Angolada saparda boljak Baýden bu ýurduň Prezidenti Žoau Lourens bilen duşuşyp, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.

Related posts

Dünýäniň iň garry agajy

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Gazagystanda Gurultaý üçin saýlawlar geçirilýär