BIZNES

Eýran rus gazyny satyn almak isleýär

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranda saparda bolup, Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşdy. Bu barada rus kompaniýasy habar berýär.

– Tährana amala aşyrylan saparyň barşynda Alekseý Miller bilen nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Şol duşuşykda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Iýun aýynyň ahyrynda “Gazprom” bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda rus gazyny Eýrana ibermek boýunça strategik ähtnama gol çekilipdi.

Eýran tarapynyň habar bermegine görä, Russiýa her gün Eýrana Hazar deňzi arkaly 300 million kubmetr tebugy gaz iberer. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, tebigy gazyň artan bölegi beýleki ýurtlara iberiler. Şertnama 30 ýyla niýetlenip, her ýyl Eýrana 10-12 milliard dollar girdeji getirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy