BIZNES

«Transneft»:Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi

Ýanwar-oktýabr aýlarynda «Transneftiň» nebitgeçirijileri boýunça Russiýa Federasiýasynyň çäginden Türkmenistandan 1,53 mln tonna nebit üstaşyr geçirildi. Şolardan oktýabr aýynda 80,9 müň tonna «gara altyn» iberildi. Bu barada “Interfaks” habar berýär.

Şol bir wagtda 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gazagystandan üstaşyr geçirilen nebit 11,05 mln tonna (oktýabrda – 1,22 mln tonna), Azerbaýjandan 837,93 müň tonna (169,56 müň tonna), Belarusdan – 1,42 mln tonna (146,3 müň tonna) barabar boldy.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, Russiýanyň nebit kompaniýalary 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýakyndaky ýurtlara nebit ibermelerini 8,4% azaldyp – 9,37 mln tonna ýetirdiler.

“LC Waikiki” markasy barada

Related posts

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar

Hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry: 25 desga hususylaşdyrylar

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi