JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylda şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde giňden belläp geçiriljekdigini aýtdy.

«Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplanýandygyny bellenildi.

«Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyz halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, aýtdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasyny” kabul etmek teklip edildi

Kosmosda 1111 gün: Oleg Kononenkodan taryhy rekord

Wiktor Orban: wenger-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz täze derejä çykaryldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy

Günorta Koreýanyň ulag ministriniň Aşgabada sapary