DÜNÝÄ

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy

Owganystan daşary ýurtdaky 39 ilçihanasynyň işini ýola gýody. Bu barada Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki habar berdi.

– Häzirki wagtda Owganystanyň şu wagtky hökümetiniň tabynlygynda 30 diplomatik wekilhananyň işi ýola goýuldy – diýip, Mottaki Kabul şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, bir ýylyň dowamynda Eýran, Gazagystan, Katar, Hytaý, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Russiýa, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlerdäki ilçihanalary akkreditasiýa aldy.

Şol bir wagtda Müsür, Katar, BAE, Russiýa we Türkiýe ýaly döwletler bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini öz içine alýan 14 döwletden wekiliýet Owganystana gelip, gepleşikler geçirdi.

Geçen ýylyň dowamynda daşary syýasat edarasy Owganystanyň raýatlaryna 97556 daşary ýurt pasportyny berdi. Şeýle hem 426141 raýatyň pasporty möhleti uzadyldy. Şol bir wagtda 41959 daşary ýurtla wiza berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi