JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edip başlady we bu ugurda oňyn hyzmaydaşlyk mümkinçilikleri bar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Şalyçylyk Federal ylmy merkeziniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary oba hojalyk ylymlarynyň doktory Wiktor Kowalew habar berdi.

Rus alymy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşdy.

– Häzirki wagtda Russiýanyň şaly sortlaryny Türkmenistanyň toprak şertlerinde synag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda Gazagystanda ösdürilip ýetişdirilýän şalynyň sortlarynyň 80 göterimi Russiýanyň sortlarydyr – diýip, rus alymy TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçdi.

Rus alymynyň bellemegine görä, Türkmenistanda şaly bugdaý hasylyndan soňra ýetişdirilýär. Şonuň üçin bu ýerde 6 rus sortynyň synagy üstünlikli boldy. Iň gowy netijäni “azow” sorty berdi. Beýleki sortlaryň netijesi birneme pesräk boldy. Şonuň üçin türkmen tarapyna täze teklipleri hödürläris, diýip, rus alymy belledi.

Şeýle hem ol türkmen we rus şaly sortlarynyň esasynda gibrid sortlaryny emele getirip, olary Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň käbir sebitleriniň şertlerine uýgunlaşdyrmagyň mümkindigini belledi.

Şaly azyklyk ähmiýeti örän uly däne ekini bolup, ýer şaryndaky 1,6 mlrd adamyň iýmit kadasynyň – rasionynyň 50 göterimden gowrak möçberini düzýär. Ýene-de 400 million adamyň iýmit kadasynyň 25-50 göterimi şala degişlidir.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar