BIZNES

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylda 128 desga gurdular

Telekeçilerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden billerini berk guşap, gurluşyklaryň depginini has-da güýçlendirdiler. Bu hem öz ajaýyp miwesini berdi. Türkmen telekeçileri şu ýylyň geçen sekiz aýynda 128 binadyr desgany gurup ulanmaga taýýar etdiler. Olaryň 90-sy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Şu ýerde käbir mysallara salgylanylýar:

  • «Daň ýagtysy» hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde 2 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurdy.
  • «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti 1 sany 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady.
  • Aýratyn hem, Daşoguz welaýatynda geçen sekiz aýda ýaşaýyş jaýlary köp guruldy. «Çemenli daglar» hususy kärhanasy 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Derkar» hojalyk jemgyýeti 4 sany 4 gatly, 4, 16, 24, 36 öýli, «Ak bagt» hususy kärhanasy 3 sany 4 gatly, hersi 16 öýli, «Nurly badalga» hususy kärhanasy hem 1 sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.
  • «Gaýratly dost» hususy kärhanasy Lebap welaýatynda 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Mizemez gadam» hususy kärhanasy 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Maksatly hyzmat» hususy kärhanasy 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bolsa 1 sany 4 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanyşa tabşyrdy.
  • Mary welaýatynda 2 gatly, 1 öýli kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy guruldy. Olary «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
  • Şeýle-de Baýramaly şäherinde 4 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýyny «Gurluşyk awto hyzmat» hususy kärhanasy gurdy.
  • Gözel paýtagtymyzda hem ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si gurlup ulanmaga berildi.
  • Täze okuw ýylynyň öň ýanynda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200, Hojambaz şäherinde 960, Saýat etrabynyň Alpan obasynda 400, Mary şäherinde 500 orunlyk orta mekdepler gapylaryny giňden açdy. Olary-da türkmen işewürleri gurdular. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy körpeleri gujak açyp garşylady.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynyň geçen sekiz aýynda ýaşaýyş-durmuşymyz üçin zerur bolan desgalaryň 10-sy işe girizildi.

  • Gökdepe etrabynda 20 müň kub metr lagym arassalaýjy desgany «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.
  • Ak bugdaý etrabynda dürli diametrli polat turbalary we profilleri öndürýän kärhana işläp başlady.
  • Bäherden we Köýtendag etraplaryndaky sement zawodlarynyň her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlylygy artdy.
  • Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde gurlan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň önümleri islegli harytlaryň hatarynda tanalýar.
  • Wekilbazar etrabynda poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhana işläp başlan dessine, bu önüme bolan isleg artdy. Eýýäm bu önüm dostlukly Özbegistana eksport edilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär