SPORT

Mişel Platini futbolçylaryň sanyny azaltmagy teklip etdi

Professional futbolçylar birleşikleriniň halkara federasiýasynyň (FIFPro) prezidentiniň geňeşçisi we UEFA-nyň öňki prezidenti Mişel Platini futbol oýnunyň kadalaryna düýpli üýtgetmeler girizmegi teklip etdi.

– Belki, her topardan bir oýunçyny aýryp, on adam bilen oýnamalydyrys. Geçen asyrda toparlar 11 adamdan ybarat boldy. Şol döwürde oýunçylar az ylgap, az hereket etdiler. Şol döwürde olar fiziki taýdan ejizdi. Şonuň üçin oýunçylaryň sanyny azaltmak gowy pikir bolup biler. Bu meýdançada boş ýerleri köpelder  -diýip, Platini belledi.

Häzirki futbol düzgünlerine görä, meýdançada bir toparda derwezeban bilen bilelikde 11 futbolçy bar.

Related posts

Grizmann “Barselonada” galýar

Ikinji gezek Libertadores kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli futbolçy “Galatasaraý” toparynda oýnar

Ata Watan Eserleri