DÜNÝÄ

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Gepleşikleriň dowamynda geçen ýylyň sentýabr aýynda Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen çözgüdüň esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi» atly  köptaraplaýyn hödürnamanyň taýýarlygy boýunça geçirilen işleriň netijeliligi barada aýdyldy.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktoryna täze işinde üstünlikler arzuw edip, Merkezi Aziýanyň taryhy-medeni ösüşi bilen bagly meseleler dogrusynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy