Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Saparyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekildi.
Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gol çekilen tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ylalaşygyň strategik ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek bilen Eýranyň hem sebitleýin gaz merkezine öwrülmegine goşant bolup durýandygyny aýtdy.
Prezident Pezeşkian iki ýurduň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýändigini aýdyp, Eýranyň öz gezeginde Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tährana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça 4 möhüm resminama gol çekildi. Şolaryň biri hem tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolup durýar.
Türkmenistan Eýrana tebigy gaz ibermegiň möçberini her ýyl 40 milliard kubmetre çenli artdyrmaga taýýardyr. Şol bir wagtda swap görnüşinde türkmen tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilýär.
Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Yraga ibermek boýunça hem degişli ylalaşyklara gazanyldy.
