DÜNÝÄ

Türkmenistanly hukukçy ABŞ-nyň öňdebaryjy hukuk kolležiniň onlaýn myhmany boldy

Dünýä belli hem-de okgunly ösýän “GRATA International” halkara hukuk kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça partnýory türkmenistanly hukukçy Ikbal Said Alauddin golaýda ABŞ-nyň öňdebayrjy hukuk ylmy boýunça bilim berýän kolležleriniň biriniň onlaýn myhmany boldy.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Montereý şäherindäki hukuk kolležiniň tomus möwsümdäki talyplary bilen onlaýn sapaga gatnaşan hukukçy Ikbal Said Alauddin halkara hukugy boýunça gymmatly maglumatlar berdi. Pikir soraşma hem-de sowal-jogap görnüşinde geçirilen onlaýn okuw sapagynda halkara hukugy boýunça tejribe alşyldy.

Hukuk fakultetiniň 2-nji we 3-nji synp talyplar yzygiderli Kaliforniýanyň adwokatlary, şeýle hem ýerli we halkara hukuk firmalarynyň wekilleri bilen tejribe alyş sapaklaryny gurnaýar.

Türkmenistanly hukukçy halkara hukugynda täzelikler, müşderi bilen hukukçy kompaniýalaryň arasyndaky gatnaşyklar, dürli meseleleriň çözgüdi boýunça halkara hukukçylaryň berýän netijeli maslahatlary barada amerikaly geljekki hukukçylara giňişleýin maglumat berdi.

Montereý hukuk kolležinde diňe bir amerikaly talyplar däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem bilim alýan talyplar bardygy üçin bu onlaýn sapak gyzykly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanly hukukçy talyplaryň özlerinde gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi.

Şeýlelikde, bu onlaýn okuw sapagy tejribe alyşmak babatda hem talyplar hem-de türkmenistanly hukukçy üçin gymmatly mümkinçilige eýe boldy.

Golaýda, Ikbal Said Alauddin onlaýn görnüşde işgär kabul etmeklik bilen baglanyşykly döräp biljek howplar barada informasion tehnologiýalary pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň forumyna gatnaşyp, “Onlaýn görnüşde zähmet çekmegiň (Freelancing) we işgär kabul etmekligiň (Online recruiting) hukuk taýdan kadalaşdyrylyşy” barada öz pkirlerini beýan edipdi.

Şu onlaýn okuw sapagyndan dörän mümkinçilik bilen bir hatarda türkmen hukukçynyň wekilçilik edýän “GRATA International” halkara hukuk kompaniýasy barada hem kelam agyz söz bermek ýerlikli bolar. Bu kompaniýa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de Gündogar Ýewropa sebitinde okgunly ösýän halkara hukuk firmasydyr.

Ikbal Said Alauddin 2023-nji ýylda “GRATA International” halkara hukuk firmasynyň esasy partnýory boldy. Ol žurnalistika, hukuk, mediasiýa, şol sanda halkara hukugy ýaly ugurlarda baý tejribä eýedir. Ikbal Said Alauddin ýurdumyzyň ykdysady babatda halkara giňişliginde hukuk goraglylygynyň ýokarlandyrylmagy dogrusynda birnäçe işleri ýerine ýetirdi.

“GRATA International” halkara hukuk kompaniýasynyň abraýy ýokary hünärli hukukçylardan ybarat topary bilen bir hatarda transmilli müşderileri hem-de öňdebayrjy halkara reýtingleri esasynda tassyklandy.

Ýeke-täk ulgamda iş alyp barýan köp sanly edaralary bilen hyzmat edýän “GRATA International” halkara hukuk kompaniýasy müşderilerini kanagatlandyrmak üçin uly mümkinçilikler döredýär.

Kompaniýanyň islendik döwletdäki edarasy müşderiler üçin “ýeke-täk penjire” hökmünde hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir. Olaryň üsti bilen dünýäniň islendik şäherinden we nokadyndan hyzmat bermek şerti döredilýär.

“GRATA International”, korporatiw kanunçylyk, M & A-nyň gurluşy we goldawy, bilelikdäki kärhanalary döretmek, kanuny zähmet çekmek, barlaglar, korporatiw jedelleriň çözülmegi we ş.m. ýaly köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri