Ozal hem habar berlişine görä, şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçiriler. Oňa Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen bir hatarda 50 iri ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýapon Hökümetiniň Başlygy anna güni Merkezi Aziýa sapar bilen geler. Ol bu saparynyň çäklerinde Gazagystanda we Özbegistanda saparda bolar. Gazak paýtagtynda sammite gatnaşyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň bu saparynda wekiliçilikli toparyň düzümine 50 iri ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem goşular. Olar sebit ýurtlarynyň ýerli kompaniýalary bilen birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.
Ýapon we Merkezi Aziýa döwletleriniň kompaniýalary sanly lukmançylyk tehnologiýalary we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.
Ýaponiýanyň Hökümeti Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem jemgyýetçilik hem-de hususy pudaklarda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýär.
