DÜNÝÄ

Hazar deňziniň düýbünden energetika kabeli geçiriler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Şeýle hem Astana şäherinde Gazagystanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy guraldy. Onuň çäklerinde Hazar deňziniň düýbünden eenergetika kabelini geçirmek babatda ähtnama gol çekildi.

Metbugat neşirlerinde habar berlişine görä, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary 3 ýurduň energetika ulgamlaryny birleşdirýän taslama boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlediler.

Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň başlyklyk etmeginde Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň hem-de Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalowyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Hazar düýbünden kabeli geçirmek boýunça taslamanyň tehniki taraplary işlenip düzülipdi.

Şu ýylyň maý aýynda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylary Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäginde  energiýa ulgamlaryny birleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekipdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-owgan ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş sapary guralar

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär