SPORT

Türkmen türgeni Pariž Olimpiadasynda mynasyp bäsleşdi

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. 4 ýylda bir gezek geçirilýän dünýäniň iň iri sport ýaryşynda Türkmenistanyň türgenleri hem mynasyp bäsleşýärler.

Şu gün Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki Walentina Meredowa zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşdi. Ol deslapky tapgyrda 4-nji orny eýeläp, 1-nji tapgyra çykmagy başardy.

Birinji tapgyrda bu ugurda dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen bäsleşen Walentina Meredowa möwsümdäki iň gowy görkezijisini görkezdi.

Ýarym finala çykmaga hukuk berýän tapgyrda Walentina Meredowa pellehanadan 11.95 sekuntda geçip, möwsümdäki iň oňat görkezijsini hasaba aldyrdy. Ýöne şol görkeziji finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik eden 39 ýaşly türgenimiz 100 metr aralyga ylgamak boýunça Türkmenistanyň köp gezek çempiony we rekordçysydyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady