“FourFourTwo” me’hur britan žurnaly häzirki döwrüň iň gowy derwezeçileriniň sanawyny taýýarlady. Şol sanawda birinji orny Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň brazil derwezeçisi Alison Beker eýeledi.
Ikinji orny ýene-de bir braziliýaly, “Mançester Siti” toparynyň derwezebany Ederson Moraes, üçünji orny bolsa “Barselona” toparynyň nemes derwezeçisi Mark-Andre ter Ştegen eýeledi.
Şeýle hem iň gowy derwezeçileriň ilkinji onlugyna Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Emiliano Martines, Mik Menýan, Ýan Zommer, Žanluiži Donnaruma, Lukaş Fradeski, Diogo Koşta, Manuel Noýer ýaly derwezebanlar girdi.
Häzirki möwsümde sanawda birinji orunda duran Alison Beker ähli ýaryşlarda 28 duşuşykda oýnap, şol duşuşyklaryň 10-synda derwezesinden gol geçirtmedi.
